GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşuly nesilleri Halkara Ýaşulular güni bilen gutlady
01.10.2026

Türkmenistanda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabaraly çäreler giňden bellenilip geçirilýär. Şanly
sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşuly
nesillerine hem-de ähli halkyna gutlagyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
habar berdi.
Döwlet Baştutany öz gutlagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylynda geçirilýän
bu baýramçylyk çäreleriniň ýaşuly nesillere bolan hormat-sarpany has-da artdyrjakdygyny hem-de
watançylyk duýgylaryny pugtalandyrjakdygyna berk ynanýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň içeri we
daşary syýasatynyň esasy maksadynyň halkyň, aýratyn hem pähim-paýhasly ýaşulularyň we ýaşlaryň
bagtyýar, parahat durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygy bellenildi.
Gutlagda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň golaýda geçirilen mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler
barada hem delillendirildi. Onda jemgyýetde aýratyn hyzmatlary bitiren ýaşulylara «Hormatly il
ýaşulusy» diýen adyň dakylandygy we enelerimize «Zenan kalby» ordenleriniň gowşurylandygy barada
aýdyldy. Bu günki günde bolsa baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazly
dabaralar we medeni çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine ygrarlylygyny daşary syýasatyň özeni hökmünde görkezdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri
senagat we durmuş düzümleýin taslamalaryň, döwrebap şäherdir obalaryň gurluşygynyň halkyň
abadançylygyna we döwletimiziň depginli ösüşine hyzmat edýändigi bellenilip geçildi. Bu ugurda
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan Beýik işleriň we ýaşulylaryň pähim-paýhasly maslahatlarynyň wajyp orny
bellenildi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň soňunda ýaşuly nesillere we ähli
watandaşlarymyza berk jan saglygyny, bagtyýar durmuş hem-da eziz Watanymyzyň ösüşleriniň
bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.