GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirildi
28.09.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda türkiýeli we owganystanly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Özbegistanyň, Owganystanyň, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkiýeli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden gyzdyrylan nebit koksyny hem satyn aldylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda birinji hilli bugdaý uny we tehniki ýod ýerlenildi.

Daşarky bazarda birnji hilli arassalanan pagta ýagyny we buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Olar Tükiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri satyn aldylar.

Dokam önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.