GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň birža söwdalarynda nebit-gaz toplumynyň önümlerine isleg ýokary boldy
27.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 26-njy sentýabrda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine isleg bildirildi.

Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gyzdyrylan nebit koksyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden «A» kysymly tehniki ýody satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 501 840 000 manada we 80 000 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.