24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli şanly wakalarynyň üstüni ýetiren dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Hökümet agzalary dabaralara gatnaşyjylary ýetip gelýän beýik baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Döwlet dolandyryş ugrunda, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, ylym-bilim we işewürlik ulgamlarynda, döredijilik dünýäsinde tapawutlanýan raýatlaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy halal zähmetiň höweslendirilýändiginiň we işde, döredijilikde tapawutlanýan raýatlarymyzyň zähmetine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy pursatlary özünde jemlän nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlary esasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy pudaklaryny hem-de beýleki pudaklary yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýerine ýetirmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy tejribeleri ulanmakda, aýdym-sazy ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde, çeperçiligi ýokary sungat eserlerini döretmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň, milli medeniýetiň, edebiýatyň, teatr, kino, telewideniýe, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, žurnalistikanyň we medeni aň-bilim edaralarynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary okatmaga we ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, zähmetsöýerlik, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli döredijilik işgärlerini taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle-de Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlary bu gün ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.
Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň halk suratkeşi», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.
Halkyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymdan gelýän däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady berlen ýaşuly nesliň wekilleriniň hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet sylaglary gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlag iberdi.
Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri döredijilik äleminde çeken zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar mundan beýläk-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleri dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.
Arkadag şäherinde hem ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Arkadag şäheriniň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan işgärleri, ýokary sylaglary we hormatly atlaryň güwänamalaryny uly buýsanç bilen kabul eden ildeşlerimiz mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de ata Watanymyzyň kuwwatyny, şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara gatnaşyjylar milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli dabaralaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrandygyny nygtadylar.







