GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Katarda Türkmenistan bilen maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
24.09.2026

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň erkin zolaklar müdirliginiň işewürligi ösdürmek boýunça direktory Saud Abdulla Al Saadi bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Kataryň erkin zolaklar müdirliginiň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini öwrendiler, şeýle-de şu ýylyň oktýabr aýynyň 1-2-sinde Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2026) Katar tarapynyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty söhbetdeşine Türkmenistanda Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada gürrüň berdi.