«Lebapgazçykaryş» müdirligi Kükürtli liniýa önümçilik böleginde «Demirgazyk-Kükürtli-3» atly täze gaz guýusyny ulanmaga berdi. 1-nji sentýabrda işe girizilen guýudan gije-gündizde 75 müň kub metr tebigy gaz alynýar. Bu gaz Darganata etrabynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge gönükdirilýär.
Täze guýynyň birikdirilmegi bölegiň gaz çykaryş kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýakyn wagtda guýudan gije-gündizde 3 tonna çenli gaz kondensatyny hem almak meýilleşdirilýär.
Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň garamagynda Malaý, Bagaja, Sakar, Farap we Kükürtli atly bäş kän bar. Şu ýylyň sekiz aýynda uçastokda meýilleşdirilen 4 milliard 804 million 822 müň 581 kub metr tebigy gazyň ýerine, hakykatda 5 milliard 411 million 536 müň 852 kub metr gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi. Meýilnama 112,6 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 109 göterime deň boldy.
Gaz kondensaty boýunça bu döwür üçin meýilnama 2 müň 495 tonna deň boldy. Ýylyň başyndan bäri hakykatda 2 müň 920 tonna gaz kondensaty çykaryldy, ýagny meýilnama 117 göterim ýerine ýetirildi. Çykarylan gaz kondensaty çig mal hökmünde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ugradylýar.
Kükürtli liniýa önümçilik böleginde 440-dan gowrak adam zähmet çekýär, bölege Begenç Çaryýew ýolbaşçylyk edýär. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hatarynda baş tehnolog Batyrgeldi Annaýew, ussa Gurban Agabaýew, kebşirleýji Babajan Allabergenow hem-de baş geolog, ýaş hünärmen Meret Bazarow bar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







