«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagynyň ýokary hünär derejeli hünärmenlerini taýýarlamak üçin sanly infrastrukturany ösdürýär.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly «Moodle» platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary ornaşdyryldy. Okuw otaglary wideoproýektorlar, ýokary tizlikli internet we içerki lokal ulgamlar bilen doly üpjün edildi. Bu bolsa talyplara audio we wideo sapaklary özleşdirmäge, mugallymlara bolsa onlaýn monitoringi we synaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Ylmy-barlag işleri üçin orta hünär okuw mekdebiniň merkezinde önümçilik enjamlarynyň hem-de çylşyrymly şaýlaryň üç ölçegli modellerini döretmäge ýardam edýän 3D çap ediş tehnologiýasy ulanylýar. Mundan başga-da, wirtual gezelençleri guramaga mümkinçilik berýän VR-äýnekler ornaşdyryldy: talyplar hakyky önümçilik meýdançalaryna gitmezden, zähmet şertleri hem-de howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri bilen wirtual görnüşde tanyşýarlar.
Bellenilişi ýaly, sanly tehnologiýalaryň ýokary derejede özleşdirilmegi talyplaryň we mugallymlaryň döwlet derejesindäki bäsleşiklerde hem-de ylmy taslamalarda öňdebaryjy orunlary eýelemegine, okuw mekdebiniň özüniň bolsa umumy reýtingde ýokary görkezijileri gazanmagyna şert döredýär.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri innowasion bilimi ösdürmäge döredilen mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirýärler.







