GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmengaz» döwlet konserninde ýol hereketiniň howpsuzlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
16.09.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, ägirt uly özgertmelere we özgerişliklere beslenýän ýurdumyzda ilatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Çykyş edenleriň aýtmagyna görä, bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirýär.

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan döwrebap, giň şaýollar eşret çeşmesi bolup, raýatlaryň asuda durmuşyna hyzmat edýär. Ýol gurluşygynyň ähli desgalary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär, şaýollar, aýlawly köprüler we ýanýodalar bolsa öňdebaryjy tehniki enjamlar bilen üpjün edilip, sürüjiler we pyýadalar üçin howpsuz şertler döredilýär.

Çäräniň gün tertibine laýyklykda, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýol hereketiniň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegi, ýol hereketi bilen bagly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, zyýanly endikleriň saglyga ýetirýän ýaramaz täsiri, şeýle hem daşky gurşawy goramak we tebigatyň arassalygyny saklamak meselelerine uly orun berildi.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti