GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligi nebit çykarmak boýunça meýilnamany 112 göterim ýerine ýetirdi
16.09.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligi şu ýylyň başyndan bäri 825 247 tonna çig nebit çykaryp, meýilnamany 112 göterim ýerine ýetirdi. Bu «Türkmennebit» konserniniň ähli kärhanalarynyň arasyndaky iň ýokary görkezijidir.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit çykarylyşynyň ösüş depgini 105,4 göterime deň boldy. Müdirlik meýilnamadan artyk 88 336 tonna nebit çykardy.

Müdirlik umumy meýdany 320 inedördül kilometre barabar bolan Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe känlerinde nebit çykarýar. Goturdepede ilkinji guýy 1948-nji ýylda gazylyp başlanypdyr, ýöne tebigy şertleriň agyrlygy hem-de şol döwürde ulanylan tehnikanyň kämil däldigi sebäpli gazuw işleri 1651 metr çuňlukda togtadylypdyr. Käni senagat taýdan özleşdirmäge 1956-njy ýylda gaýtadan başlanypdyr: şonda gazylan guýudan ilkinji nebit — bir gije-gündizde 120 tonna alnypdyr. Häzirki wagtda kände jemi nebit çykarylyşy bir gije-gündizde 3400 tonnadan geçýär, geologlaryň tassyklan maglumatlaryna görä bolsa, onuň gorlary ep-esli bolmagynda galýar. Nebit çykarmagyň möçberi boýunça müdirlik konserniň nebitgazçykaryş müdirlikleriniň arasynda ikinji orny eýeleýär.

Müdirligiň tapawutlanan işgärleriniň hatarynda 1-nji nebitgaz çykaryş sehiniň nebitgaz çykaryş operatory Magtymguly Aýtmogamedow, 2-nji sehiň nebitgaz çykaryş operatory Amandurdy Amanow, 3-nji sehiň guýularyň ýerasty abatlaýyş operatory Taganberdi Karakçyýew, 4-nji sehiň nebitgaz çykaryş ussasy Araznepes Ylýasow, 5-nji sehiň nebitgaz çykaryş operatory Pürli Pürliýew, 6-njy sehiň nebitgaz çykaryş ussasy Rejepgeldi Kürenow we nebiti taýýarlaýyş hem-de daşaýyş sehiniň ussasy Amangeldi Durdyýew agzalýar.

Müdirligiň başlygynyň umumy meseleler boýunça orunbasary Jepbarguly Nepesow zähmet toparlarynyň ýubileý ýylyny has-da ýokary ykdysady görkezijiler bilen tamamlamagy maksat edinýändiklerini habar berdi.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti