GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady
01.09.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýyl 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gutlag Hatyny iberdi. Gutlag türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan iberildi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary we sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar, okuw işine sanly we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de türkmen mekdep okuwçylarynyň, talyplarynyň we ýaş türgenleriniň halkara olimpiadalarda, bäsleşiklerde we ýaryşlarda gazanan üstünlikleri nygtaldy.

Gutlagda ýurdumyzda hereket edýän bilimi ösdürmek boýunça maksatnamalar — «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» agzalyp geçildi.

Gutlagda bilim ulgamynda daşary ýurtlaryň okuw we ylym merkezleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi, şeýle hem Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi bellenildi.