Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary nebitgaz pudagy üçin iki täze çözgüdi işläp taýýarladylar we patentleşdirdiler. Olara topraklary nebit önümlerinden arassalamagyň biologik usulyny hem-de gaz arassalamagyň galyndylarynyň esasynda döredilen gurluşyk materialyny degişli etmek bolar.
Birinji çözgüt nebit önümleri bilen hapalanan topraklary düýpli arassalamak hem-de dikeltmek boýunça usul bolup, ol agyr uglewodorodlary tomusky yssy hem-de topragyň şorlaşmagy şertlerinde parçalamaga ukyply ýerli destruktor-mikroorganizmleriň ýörite ştammlaryny bölüp almaga hem-de ösdürip ýetişdirmäge esaslanýar. Bu biologik usulyň ulanylmagy nebitgaz toplumynyň desgalarynda tehnogen hapalanmalaryň netijelerini aradan aýyrmakda gymmat bahaly hem-de ekologik taýdan howpsuz bolmadyk himiki reagentleriň ýerini tutmaga mümkinçilik berýär. Substratyň ýerli mikroflora arkaly tebigy regenerasiýasy gysga möhletde ýerleri oba hojalyk ýa-da hojalyk dolanyşygyna gaýtaryp berýär we ekoulgama düşýän antropogen ýüki aradan aýyrýar.
Ikinji çözgüt organomineral kükürt-polimerbetonyň resepturasyna alnan patentdir. Bu material nebitgaz känlerinde tebigy gazy arassalamak wagtynda galyndy hökmünde galýan artykmaç tehniki kükürtden peýdalanmak arkaly döredildi. Bu importyň ornuny tutýan önümçiligiň mysalydyr. Material ýokary berkligi hem-de dykyzlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu material agressiw himiki gurşawlara hem-de çyglylyga durnuklydyr.
Kükürt-polimerbetonyň ulanylmagy gidrotehniki gurluşykda, suwaryş kanallaryny, şor suwlary akdyryjy ulgamlary hem-de port desgalaryny gurmakda mümkinçilikleri açýar. Şeýle desgalarda adaty sement betony duzlaryň täsiri astynda çalt dargaýar. Bu materialyň peýdalanylmagy diňe bir düýpli gurluşygyň özüne düşýän gymmatyny azaltman, eýsem, kükürt galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça ekologik wezipäni hem çözýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň kuwwatly we ýokary netijeli guraly hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyryp, ýurdumyzyň intellektual mümkinçilikleriniň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýän önümçilik kuwwatyna öwrülýändigini aýdyň görkezýär.







