Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygyna hem-de Pakistan döwletiniň esaslandyryjysy Muhammet Aly Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy.
Çäräniň çäklerinde Kaid-i-Azam, ýagny Muhammet Aly Jinnanyň durmuşyna we alyp baran işine bagyşlanan sergi hem guraldy.
Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň sözlerine görä, bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, umumy medeni gymmatlyklara, şeýle hem parahatçylyga, durnuklylyga we energetika howpsuzlygyna ygrarlylyga esaslanýar.
Ilçiniň aýtmagyna görä, Muhammet Aly Jinnanyň demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygyna we ähli raýatlaryň hukuklaryny goramaga ygrarlylyk baradaky ideýalary häzirki Pakistan üçin ähmiýetini saklaýar. Ol Yslamabat bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika ugrunda, mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt bildirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pakistan tarapyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, bu senäniň Muhammet Aly Jinnanyň doglan gününiň 150 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň ähmiýetini belledi. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ilkinji gezek 1995-nji ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatdaky sammitiniň jemleýji Jarnamasynda resmi taýdan ykrar edilendigini, şol ýylyň dekabrynda bolsa Pakistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasynyň awtordaşy bolandygyny ýatlatdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, şu günki günde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar bolsa bilelikdäki taslamalara itergi berýär. Ol Pakistanyň ýolbaşçylarynyň 2024-nji we 2025-nji ýyllarda Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini ýatladyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyny goldandygy üçin pakistan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Raşid Meredow iki ýurdy birikdirýän infrastruktura taslamalaryna, şol sanda TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisine hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berip, olaryň golaýda durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.







