GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi
11.08.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy awgustda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen geçiren gepleşiklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Bu başlangyç bilelikdäki taslamalaryň maslahatlaşylmagy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak zerurlygy bilen baglylykda öňe sürüldi.

Gepleşikler Gahryman Arkadagymyzyň Owganystana amala aşyran iş saparynyň dowamynda geçirildi. Taraplar medeni-ynsanperwer hem-de ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bilim alýan owgan talyplarynyň sanyny artdyrmak, şeýle hem, hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň çäginde gaz pudagynda işleýän ökde hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garaldy. Owgan talyplarynyň eýýäm Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary bellenildi, bu bolsa bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň mysaly bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň owgan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady we ýurdumyzyň Owganystan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini belledi.