Türkmenistanda mekdep uçurymlarynyň nebitgaz pudagyna we tehniki hünärlere bolan gyzyklanmasy barha artýar: ýaşlar hut şu ugurdan bilim almaga çalyşýarlar we ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerine okuwa girýärler. Şeýle mysallaryň biri-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy Gülşirin Merdanowadyr. Ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby boldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda gyz giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, şu uniwersitete okuwa girdi. Onuň sözlerine görä, ol hut tehniki hünär boýunça ýokary bilim almagy arzuw edipdir.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Gülşirin Merdanowa şol guramanyň Merkezi geňeşi tarapyndan esaslandyrylan «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Şeýle hem ol Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ösdürilýändigini hem belledi, Watana hyzmat etmek üçin ýokary derejeli hünärmen bolmagy maksat edinýändigini aýtdy. Gülşirin Merdanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.







