GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen telekeçileri birža söwdalarynda polipropilen we çig ýüpegi satyn aldylar
07.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 6-njy awgustda geçirilen birža söwdalarynda jemi 5 915 000 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPPD 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

«Türkmenýüpek» ýapyk gönüşli paýdarlar jemgyýetinden türkmen telekeçileri çig ýüpegi satyn aldylar.