Türkmenistanda tebigy gazy taýýarlamak, arassalamak we gaýtadan işlemek boýunça daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltýan döwrebap tehnologik işler alnyp barylýar. Kükürtli-wodorod gaz (H2S) ýataklaryny özleşdirmäge aýratyn üns berilýär, bu bolsa atmosfera zyýan bermezden gymmatly himiki çig mal almaga mümkinçilik berýär.
Ýurtda organiki we organiki däl garyndylardan arassalanan harytlyk eksport gazyň önümçiligi ýola goýuldy, bu bolsa «mawy ýangyjy» turbageçiriji arkaly akdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Gazy gaýtadan işlemek netijesinde esasy önüm hökmünde harytlyk gaz, şeýle-de suwuk uglewodorodlaryň garyndysy we kükürt alynýar.
Baýlaşdyrylan tebigy gazlary we ugurdaş nebitli gazlary toplumlaýyn gaýtadan işlemek aýratyn gyzyklanma döredýär, sebäbi olaryň düzüm bölekleri polimer önümleriniň, sintetik süýümleriň, üstkiişjeň maddalaryň we sintetik ýuwujy serişdeleriň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Kükürtli-wodorod gaz ýataklary, adatça, 3–5 kilometr çuňlukda ýerleşýär, olarda gatlak basyşy we temperatura ýokary bolýar. Çylşyrymly düzümine garamazdan, bu ýataklar döwletiň energetikasy we senagaty üçin uly ähmiýete eýedir.
Muňa mysal edip «Galkynyş» gaz käninde gurlan, ýylda onlarça milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge ukyply ägirt uly zawodlary görkezmek bolar. Bu desgalarda zäherli kükürtli-wodorod atmosfera zyňylman, himiki taýdan gaýtadan işlenilýär: gaz zyýansyzlandyrylyp, arassa kükürt alynýar, bu bolsa howanyň kükürt gazy bilen hapalanmagynyň öňüni alýar.
Känleriň we zawodlaryň töwereginde gaz syzmasyny bada-bat ýüze çykarmaga ukyply ýokary duýgur awtomatik sensorlar we monitoring ulgamlary gurnalandyr.
Şeýlelikde, kükürtli-wodorod gaz ýataklarynyň özleşdirilişi häzirki zaman ýokary tehnologiýalar, ýapyk önümçilik ulgamlary we berk ekologik gözegçilik arkaly tebigata zyýan ýetirmezden alnyp barylýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







