GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz pudagy Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görýär
04.08.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, şu ýylyň zähmet üstünliklerine, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň we pudaklaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen bilelikde gurady. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi nazara alnyp, ýurdumyzyň ähli pudaklary kämilleşdirildi, milli ykdysadyýetiň häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi. Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde ýokary görkezijilere ýetdi, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazandy.

Maslahata gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň manysy, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm orny barada gürrüň berdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, şygar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny beýan edýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti