«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde hereket edýän Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy ýylyň başyndan bäri içerki we daşarky sarp edijilere 1 million 890 müň 688 tonna nebit önümini iberdi. Şu mukdardan daşarky bazarlara kärhananyň üsti bilen 372 müň tonnadan gowrak önüm ugradyldy.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň taýýar önümleri bolan awiasiýa kerosini, benzin, dizel we kerosin ýangyjy, dürli ýaglar ýitgisiz satuwa iberilýär; munuň üçin kärhanada häzirki zaman mümkinçilikleri döredildi.
Soňky ýyllarda kärhananyň binýadynda ýeňil nebit önümlerini guýmak we boşatmak üçin awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy hem-de nebiti we nebit önümlerini guýmak we kabul etmek üçin täze 3-nji deňiz duralgasy gurlup ulanylmaga berildi.
Demir ýol estakadasynyň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna ýeňil nebit önümine barabardyr. Awtomatlaşdyrylan desgada nebit önümleri görnüşlerine görä bellenen möçberlerde demir ýol sisternalaryna guýulýar, her sisternanyň agramy elektron terezi bilen ölçenilýär, resminamalar bolsa awtomatlaşdyrylan usulda sarp edijileriň salgylaryna we ugurlaryna görä resmileşdirilýär. Sisternalara guýlanda emele gelýän buglaryň tutulmagynyň netijesinde ýylda 300 tonnadan gowrak benzin ýitgisiniň hem-de daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňi alynýar. Desganyň çäginde 150 adama niýetlenen edara-durmuş binasy guruldy. Onda iş otaglary, ussahana, naharhana, mejlisler zaly we beýleki amatlyklar bar.
Önümiň sisternalara bökdençsiz guýulmagyny aýratyn nasos we transformator beketleri, şeýle hem dizel-generator üpjün edýär. Awiasiýa kerosini turbageçirijisine oturdylan häzirki zaman «TS-1» kysymly süzgüç uçarlaryň uçuş wagtyndaky howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.
Täze 3-nji deňiz duralgasy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy esasynda guruldy. Onuň nebit önümlerini ibermek boýunça ýyllyk kuwwaty 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit önümlerini kabul etmek boýunça 1 million 150 müň tonna deňdir. Desgada ýangyn howpsuzlygy hem-de daşky gurşawy goramak ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Niderlandlaryň kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär, ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär.
«Biziň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanamyzyň bu kuwwatly desgalary Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrýar, öndürilýän nebit önümleriniň möçberini düýpli artdyrmaga we hil görkezijilerini dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirmäge giň mümkinçilikler döredýär» diýip, bu ýerde alnyp barylýan işler barada nebit önümlerini ibermek bölüminiň başlygy Annamyrat Orazow gürrüň berdi.
Kärhananyň sazlaşykly işine onuň işgärleriniň goşandy ýardam edýär. Olaryň arasyndanebit önümlerini kabul etmek, saklamak, guýmak we ugratmak uçastogynyň ýolbaşçysy Maksat Täjow, estakada hojalygy bölüminiň ýolbaşçysy Maral Paýyzowa, esasy hünärmen Aýna Muhajyýewa, nebit önümlerini ýükläp ugratmak bölüminiň başlygynyň orunbasary Sapargül Durdyýewa, inžener-dispetçerler Döwran Abdyllaýew we Perman Gurbanow, estakada hojalygynyň operatory Gülnara Çertanowa bar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







