GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda benzin öndürmegiň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi
04.08.2026

Türkmenistan 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda benzin öndürmegiň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.