Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Şalar Geldynazarow Male şäherinde Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri Irutişam Adam bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler ulag-kommunikasiýa we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkiniçilikleriň bardygyny.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Maldiwler Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.







