GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserni birža söwdalarynda Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri bilen geleşikleri baglaşdy
03.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji iýulda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri ýokary islege eýe boldy.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýeli işewürler türkmen telekeçilerinden birinji hilli arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügini satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň telekeçileri bilen nah matany satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi türkmen işewürlerine kreton matany we dokma önümlerini ýerledi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 55 317 345 manada we 4 505 614,57 ABŞ dollaryna deň bolan 19 geleşik baglaşyldy.