GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Respublikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
03.07.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.