GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda daşarky bazarda ýerlenildi
30.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 29-njy iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Özbegistanly işewürler türkmen telekeçiler bilen çig ýüpegi atyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda birinji hilli arassalanan pagta ýagy ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 8 658 000 manada we 2 350 000 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.