Geljek aýda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinidäki hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen bu bankyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly ugurlar boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
Sapara görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary, halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.







