GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabadyň Nebitçiler medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik şahyry sarpalandy
27.06.2026

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly pursatlara, ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu bolsa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän medeni baýramçylygyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuny has-da artdyrýar. Hepdeligiň çäklerinde guralýan çäreler milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesini giňden beýan edýär.

Giň gerimli forumyň bäşinji güni hem milli medeniýetimiz we sungatymyz bilen baglanyşykly ähmiýetli çärelere baý boldy.

Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly dabara geçirildi. Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan bu çäre belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi köp ýyllaryň dowamynda şahyrlaryň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Munuň özi söz ussadynyň döredijilik dünýäsiniň hiç bir adamy biparh goýmaýandygynyň güwäsidir. Tutuşlygyna watansöýüjilige, gahrymançylyga, pähim-paýhasa ýugrulan goşgular bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu bolsa türkmen milli sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, şunda nusgawy edebiýatyň eserleri esasynda döredilen aýdymlaryň möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän giň gerimli döredijilik forumy üstünlikli dowam edýär.