GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig biržasy daşary ýurtly hyzmatdaşlara suwuklandyrylan gaz we pagta ýerledi
27.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 26-njy iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklarndyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem olar türkmen işewürlerinden pagta süýümini satyn aldylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Dokma senagaty ministrligi bilen «Kreton» nah matany satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 885 000 manada we 3 042 990 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.