Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa 25-nji iýunda daşary ýurtly diplomatlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Ilki bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan işlerine, çagalaryň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şunda Narine Saakýan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.
Narine Saakýan Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalarynyň ähmiýetini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge ýardam berýär. Şeýle-de bu düzümiň her bir ýurduň özboluşly ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ýurt boýunça maksatnamalarynyň ähmiýetine üns çekildi.
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşygy boldy.
Diplomat gaznanyň alyp barýan işiniň, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi hem-de Palestinanyň halkyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ilçi gaznanyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde köp işleri alyp barýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan çagalar baradaky syýasatynyň häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli ilerledilýändigini aýtdy.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň halkara derejedäki ynsanperwer işlere hem aýratyn üns berýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumi bilen gepleşikler geçirdi.
Oguljahan Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesini belledi. Nygtalyşy ýaly, iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda berk binýat bolup hyzmat edýär.
Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini, ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýtdy we şu ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň ähmiýetini nygtady.
Çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







