Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär. Şol maksat bolsa halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Çagalaryň baýramçylyk konserti medeni dynç alşy özünde jemlemek bilen, sungatyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini äşgär etdi. Balkanly ýaş zehinleriň çykyşlary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, konserte tomaşa edýänlere ýakymly pursatlary bagyşlady.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmiň görkezilişi boldy. Duşuşykda çykyş eden ýurdumyzyň görnükli medeniýet, döredijilik işgärleri hem-de kino sungatynyň ussatlary, belli artistler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýola goýlan işleriň netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan işleriň hem döwrüň talaplaryndan ugur alýandygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli kino eserleriniň kämil derejä ýetirilmegi we onuň halkara giňişlikde ykrar edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra bu ýerde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan taýýarlanylan filmiň görkezilişi boldy. Ol medeni çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.







