23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdylar. Bu metjidiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýändigini bellemek gerek. Fizuli şäherinde gurulýan metjit ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere ygrarlylygy durmuş ýörelgesi edinýän türkmen hem-de azerbaýjan halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli binagärligiň nusgawy däplerini, özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini synladylar.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Şuşa galasyna hem bardylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa XVIII asyrda Panah Ali han tarapyndan düýbi tutulan täsin desganyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi. Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Şäheriň medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.
Türkmen we azerbaýjan halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi bolan Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeýde häzirki zaman azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň çagalyk we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy-pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Polat Bülbül ogly azerbaýjan hem-de türkmen halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar.
Jydyr düzünde Arkdagly Gahryman Serdarymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi. Munuň özi ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýadygärlik surata düşdüler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp, birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza ugrady.
Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berer.







