GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebitçileriň döredijilik sowgady: Medeniýet hepdeliginde «Dehistan» ansamblynyň täze çykyşy
24.06.2026

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly baýram edilip bellenilýän günleriniň öň ýanynda Medeniýet hepdeliginiň her ýyl bir welaýatda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu gezekki Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda geçirilip, onuň dowamynda bäş welaýatyň hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli çärelerdir konsertler guralar. Medeniýet hepdeligine Balkan welaýatynyň belli bagşy-sazandalary, ýaş estrada aýdymçylary bilen birlikde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa topary hem gatnaşýar.

Topar «Garaşsyz, baky Bitarap Türk­me­nistan — be­dew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň rowaç ösüşlerine bagyşlanan täze döredijilik çykyşy taýýarlady.


Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti