GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Bakuwyň ýadygärliklerine gül desselerini goýdy
23.06.2026

Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgäri Geýdar Aliýewi hatyralap, onuň guburyna gül desselerini goýdy.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.