Bakuwda ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çakylygy kabul edip, Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu gün ikiçäk we giňeldilen düzümde gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň köp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ýollarynyň kesgitlenilendigini aýtdy.
Dostlukly ýurduň Lideri azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň umumy taryha, medeni-ruhy gymmatlyklara esaslanýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň iýulynda Azerbaýjana amala aşyran saparynyň dowamynda Fizuli şäherinde metjit gurmak başlangyjyny öňe sürendigini we häzirki wagtda onuň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we türkmen halkynyň Azerbaýjana bolan tüýs ýürekden dostlukly garaýşynyň nobatdaky beýanydyr.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň yzygiderli guralýandygyny, ýaňy-ýakynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, geçen ýyl bolsa Türkmenistanyň medeniýet, sungat işgärleriniň Baku we Genje şäherlerinde Medeniýet günleri bilen saparda bolandyklaryny belledi. Şeýle-de ol Baku we Aşgabat şäherleriniň hut Arkadag hem-de Fizuli şäherleri ýaly doganlaşan şäherlerdigini aýdyp, olaryň ählisiniň iki halkyň jebisliginiň, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.
Çykyşynyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilmegini işjeň goldandygy üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredildi. Bu ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýedir. Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan döwletlerdigini aýdyp, şu nukdaýnazardan, iki ýurduň hem energetika ulgamynda tagallalary birleşdirip, hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini nygtady.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjanda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň hemişe goldanylýandygyny we mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek mübärekledi hem-de Gahryman Arkadagymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi we şu günki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň, olary mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
«Gepleşiklerde iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary dowam etdiriler» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny, energetika, ulag, himiýa, dokma senagaty we beýleki birnäçe ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenilendigini nygtady.
«Biz ýurtlarymyzyň çäklerinden Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdyk. Gepleşikleriň barşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge, her ýylda özara Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. Biziň wekiliýetimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýär. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine doly laýyk gelýär» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren ägirt uly şahsy hyzmatlaryny belläp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe munuň üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz «Dostluk» nebit tankeri üçin aýratyn sagbolsun aýdyp, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edilýändigini nygtady hem-de bu tankeriň ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boljakdygyna berk ynam bildirdi.
«Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzap gidýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Azerbaýjanyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de doganlyk azerbaýjan halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.







