Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ilki bilen, döwlet Baştutanlaryna «Dostluk» nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi.
Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pagta bermeklerini haýyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýörite düwmä basdylar. Soňra monitor arkaly tankeriň ýüzüşe goýberilişi görkezildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew dabaraly ýagdaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyza tankeriň degişli şahadatnamasyny gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri üçin minnetdarlyk bildirip, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň mysaly hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.







