GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak: Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň ýaş alymynyň üstünligi
23.06.2026

Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gurbangeldi Garageldiýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşigind hormatly 1-nji orun eýeledi. Ýaş alymyň taýýarlan taslamasy senagat elektrik ulgamlarynyň işini kämilleşdirmekde we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.

Onuň «Güýjenmäni awtomatik sazlaýjy we özgerdiji elektrik enjamyny işläp taýýarlamak» diýen ylmy işi döwrebaplylygy we önümçilik ähmiýeti bilen eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Teklip edilýän enjamyň esasy aýratynlygy we täzeligi onuň köpugurlylygyndadyr. Taýýarlanylan güýjenmäni awtomatik sazlaýjy we özgerdiji elektrik enjamyň kömegi arkaly birnäçe bahalarda üýtgedip (220,12,690 w) bilmek bilen bir wagtda, elektrik energiýasy bilen dürli görnüşli sarp edijileri (üç we bir fazaly) üpjün etmäge ukyplydyr.

«Men bu bäsleşikde ýeňiş gazanandygyma buýsanýaryn. Teklip edilýän çözgüdiň ulanylmagy tutuş ulgamy ýönekeýleşdirýär we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar» diýip, taslamanyň awtory Gurbangeldi Garageldiýew belledi.

Bu ylmy işiň ýene bir möhüm tehniki artykmaçlygy — onda ätiýajy awtomatik birikdiriji gurluşyň ulanylmagydyr. Netijede, elektrik enjamlary goralmak bilen, ykdysady tygşytlylyk gazanylýar.
Şeýle innowasion taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ylym bilen bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.