GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Bakuwa geldi
23.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýunda döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna geldi. Döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň wekili döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, olaryň netijeleriniň däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni «Zagulba» köşgüne ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.