GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby görme mümkinçiligi çäkli adamlar üçin «akylly» enjam oýlap tapdy
22.06.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň ylmy-innowasion taslamalaryny goldamaklyga aýratyn üns berilýär. Uniwersitetiň nebit senagaty fakultetiniň (Balkanabat bölümi) 3-nji ýyl talyby Kemal Sädiýewiň taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaş alym Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşigine «Görme mümkinçiligi çäkli adamlar üçin «akylly» päsgelçilik duýduryjy enjam» diýlip atlandyrylýan taslamasyny hödürledi we baýrakly orna mynasyp boldy.

Tehniki aýratynlyklary we işleýiş düzgüni: Innowasion oýlap tapyşyň esasynda ultrases sensorly tehnologiýa ýatyr. Ultrases sensorlaryň ýokary takyklygy, daşky yşyk şertlerine
bagly bolmazdan işleýşi we ygtybarlylygy bu tehnologiýanyň saýlanmagyny şertlendirdi.

Ykjamlyk we amatlylyk: Enjamyň ini 11,6 sm, uzynlygy 11,6 sm, beýikligi bolsa 5,5 sm bolup, bu ölçegler onuň göwrüm taýdan kiçi we ýeňil bolmagyna mümkinçilik berýär. Enjamy ýörite berkidiji serişdeleriň kömegi arkaly egniň, boýnuň töwereginde ýa-da
sumka ýüzünde ýerleşdirip ulanmak bolýar, bu bolsa onuň gündelik durmuşda goşmaça kynçylyksyz ulanylmagyny üpjün edýär.

Täsir ediş aralygy: Enjamyň esasy funksional bölegi bolup durýan ultrases sensor ulgamy onuň öň tarapynda ýerleşdirilip, ulanyjynyň hereket edýän ugruna gönükdirilendir. Ulgamyň möhüm tehniki aýratynlyklaryndan biri, onuň 2 metre çenli aralykda ýerleşýän päsgelçilikleri anyk kesgitlemek ukybydyr.

Tiz wagtda duýdurma: Dolandyryjy mikroshema alnan maglumatlary ýokary tizlikde seljerip, päsgelçilik howply çäkden
pes aralyga ýetende, sesli duýdurma signalynyň gulaklyk (nauşnik) arkaly ulanyja berilmegini üpjün edýär.

Hünärmenler bu innowasion taslamany häzirki zaman kömekçi tehnologiýalarynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, ylmy taýdan esaslandyrylan we amaly taýdan gymmatly tehniki çözgüt hökmünde häsiýetlendirýärler.