Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen owgan işewürleri kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkiýeli işewürlere «SAE-20W50, API С-1-4S/L» kysymly motor ýagy ýerlenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen birža söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda birinji hilli bugdaý uny, birinji hilli arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, pagta süýümi, dokma ömümleri, žakkard sütükli matadan öndürilen önümler ýerlenildi.







