20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen,Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Mejlisinde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi, şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra gözegçilik edýän toplumlarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylyşy, geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk we öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalary we teklipler hem hödürlenildi.
Atkadagly Gahryman Serdarymyz hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullamak bilen wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







