GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy nebit we dokma önümlerini ýerledi
19.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýeli telekeçiler türkmen işewürleri bilen «DASOIL» dizel we benzin hereketlendirijiler üçin möwsümleýin we her möwsümeýin «SAE-20W50, API С-1-4S/L» kysymly motor ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem daşarky bazarda dürli ölçegli žakkard sütükli matadan öndürilen önümleri ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 8 108 400 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.