GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi
17.06.2026

Türkmenistanda 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada ýokary okuw jaýynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň köpöwüşginliligi şöhlelendirilýän aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Talyplaryň ýerine ýetirmeginde halk dessanlary hem ýaňlandy.

Şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylan «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany!» atly aýdym konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyň, iň gowy arzuwlaryň beýany bolup ýaňlandy.