GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýanyň Prezidentini Respublikanyň milli baýramy bilen gutlady
17.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Halla Tomasdottire tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.