GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebit-gaz ýataklarynyň 3 ölçegli modellerini döretmek boýunça okuw sapagy geçirildi
17.06.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminde nebitgaz ýataklarynyň üç ölçegli geologik-gidrodinamik modellerini döretmekde öňdebaryjy programma üpjünçiligini ulanmak boýunça amaly okuw sapagy geçirildi. Oňa bölümiň başlygy Hatyja Çopanowa we institutyň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Halypa alymlaryň we ylmy işgärleriň ýaşlar bilen netijeli işleşmegi olaryň kämilleşmegine, tejribesiniň artmagyna ýardam edýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminde Türkmenistanyň platforma bölegi we Günorta — Günbatar Türkmenistanyň gaznebitli ülkeleri boýunça geologiýa-geofiziki barlaglaryň hem-de buraw işleriniň maglumatlaryny toplumlaýyn we dessin derňemek, gözleg-barlag işleriniň oňyn ugurlaryny saýlamak, esaslandyrmak we degişli teklipleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de Gögerendag — Ekerem zolagynyň neogen çökündilerini amatly ýagdaýda burawlap geçmegiň we önümli gatlaklary açmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen anomal-ýokary gatlak basyşlaryny çaklamak we şol esasda buraw edaralary üçin degişli teklipleri taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti