GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserni «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde baýramçylyk çäresini geçirdi
17.06.2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Tomusky dynç alyş möwsümini täsirli geçirmek maksady bilen guralan çärede çagalar rus we iňlis dillerinde goşgy aýtmak, aýdym ýerine ýetirmek we tans oýnamak boýunça özara bäsleşdiler. Bagtyýar çagalar geçirilýän bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti