Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 15-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 7 191 600 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.







