GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy nebitgaz önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ýerledi
15.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdäniň dowamynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümleri içerki we daşarky bazarlard ýerlenildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdäniň dowamynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda buýan köküniň goýy ekstraktyny hem-de guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklaryny, birinji hilli bugdaý unyny, nah ýüplügini, birinji hilli pagta ýagyny, gabardin nah matany we pagta süýümini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.