GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini şanly 80 ýaş toýy bilen gutlady
15.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Donald Trampa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.