GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri — ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda
15.06.2026

12-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edýän Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýeňijiler degişli baýraklar bilen hem sylaglandy.

Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri hem bar. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynyň öwreniji mugallymy Serdar Hojagulyýew (1-nji orun — noutbuk); «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gurbangeldi Garageldiýew (1-nji orun — noutbuk); «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýularyň we gatlaklaryň senagat taýdan barlaglary barlaghanasynyň önümçiligi taýýarlamak boýunça inženeri Rejepmämmet Taýlyýew (2-nji orun — kompýuter); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Meýlis Çüriýew (2-nji orun — kompýuter); «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülistan Toýçyýewa (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty (Balkanabat bölümi) fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şekersoltan Amanowa (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty (Balkanabat bölümi) fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kemal Sädiýew (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Maral Gullyýewa (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz fakultetiniň dil öwreniş bölüminiň talyby Maýa Gurdowa (3-nji orun — telewizor).

Resminama ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylym, bilim, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli kabul edildi.