Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, serkerdelerini we professor-mugallymlaryny Harby akademiýany we degişli ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamaklary bilen tüýs ýürekden gutlady.
«Berkarar Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhedimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde gadamyňyzyň batly, buýsançly başyňyzyň belent bolmagyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti ýazdy we Watana gulluk etmegiň, ömür örküňi baglamagyň hem-de ykbalyňy onuň hyzmatyna bagyş etmegiň, keremli topragyň her daban ýerini gözüň görejine deňäp, wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen goramagyň belent mertebedigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň eziz Watanymyz Türkmenistanyň demir galasy we polat galkany boljakdyklaryna, il-günümiziň asudalygyny, mukaddes serhetlerimiziň mizemezligini gorajakdyklaryna ynam bildirdi.
«Watan goragçylarynyň bilim-başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň, tehnikanyň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça bilim-sowat bermek siziň esasy wezipäňizdir» diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň geljekde hem bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, olary döwrüň gazananlary bilen aýakdaş, mert pederlerimiziň şan-şöhratyna mynasyp watanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns berilýändigini belledi.
Hatynyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw etdi.







