GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe Kararlara gol çekdi
13.06.2026

12-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe Kararlara gol çekdi.

 

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

 

***

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň jemgyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini, ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag we işläp taýýarlamalar çygryna çekmek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

 

***

«Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi tassyklanyldy.