GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Ýaponiýa nebitgaz we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňelderler
13.06.2026

10–12-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hbar berdi.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, şol partiýanyň Baş sekretary Şýuniçi Suzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masuşita, şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen duşuşyklar geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygyň, hususan-da, nebitgaz we himiýa pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Parlamentara gatnaşyklary berkitmek, şol sanda, zenan parlamentarileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar anyk tekliplere, has takygy, 2027-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň Parlament forumyny geçirmek meselesine hem garadylar.

Duşuşyklaryň dowamynda iki döwletiň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça hem pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, şeýle hem degişli hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalarynyň bardygy tassyklanyldy.